ŞADYÝAN ÇAGALYGYŇ AJAÝYP MEKANY

Golaýda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan Gökderede ýerleşýän Altyn damja dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnaldy.Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, guşlaryň gäpleri, heýkeller, türkmen amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi.

Sergidäki dürli haýwanlaryň, guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşleri hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller baradaky maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy.Muzeý hünärmenleri çagalara muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, goramagy hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmelidigi barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar hem özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar.

Esasan hem, haýwanlaryň gäpleri we heýkelleri çagalarda aýratyn gyzyklanma döretdi.Muzeý gymmatlyklary çagalaryň dünýägaraýşyny giňeldip, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy hem-de milli mirasymyza, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi.

Ýene degişli makalalar

Täsirli sergi
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Milli miras halkyň ruhy sarsmaz binýadydyr
Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy
Taryhyň taryply ýollary
Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi ýaşlar