Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän Ýaşlyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we ýerasty baýlyklary atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy.
Muzeýiň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler.Serginiň dowamynda ýurdumyzda gazylyp alynýan ýer asty baýlyklar, olaryň halk hojalygynda ähmiýeti we gazylyp alynýan ýerleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.
Bu sergi çagalarda uly täsirleri galdyrdy.
