SÄHRA GÜLLERINE MEŇZÄR KEŞDELER

SÄHRA GÜLLERINE MEŇZÄR KEŞDELER

Gadymy el hünärleriniň biri bolan keşdeler milli egin-eşiklerimiziň bezegidir, düzüm bölegidir.Halk çeper döredijiliginiň keşdeçilik sungatyny kesp-kär edinen gelin-gyzlar milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler.

Tebigatyň gözellikleri lybaslary bezemekde esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir.Döredijilikli gözlegleriň, yhlasly zähmetiň miwe bermegi bilen nagyşlar dünýäsi emele gelipdir.Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanylypdyr.Gymmatly ruhy baýlygymyz bolan keşdeler taryhy ähmiýetli mirasymyzyň bir görnüşidir. Çünki olar müňlerçe ýyllaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eserleridir.

Türkmen milli eşiklerinde keşdeler esasy orny eýeleýär.Kämilleşip, sünnälenip, hünärden sungata öwrülen bu sungat nepisligi bilen haýrana goýýar.Olar türkmen gelin-gyzlarynyň ösen milli aňyýetiniň çeper beýanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy sungatyň naýbaşy nusgalary nesilden-nesle geçip, dowam edýär. Şu gün, 16-njy maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda türkmen milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanan “Sähra güllerine meňzär keşdeler” atly maslahat we maslahatyň çäginde türkmen milli lybaslarynyň we beýleki milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy.

Maslahatda türkmen milli keşdeçilik sungatynyň taryhy kökleri, kürtedir çyrpylar, tahýalar we milli lybaslarymyzy bezeýän nagyşlar, olaryň aňladýan manylary, tebigy boýaglary almagyň tejribesi, “Türkmen keşdeçilik sungatyny” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmekde alnyp barylýan işler barada täsirli çykyşlar edildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Alym Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli gymmatlyklaryny öwrenmek we olaryň taryhy ähmiýetini dünýä derejesinde ýaýmak boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler we halk mirasynyň naýbaşy nusgalaryny öwrenmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
23.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Häzirki zaman özbek edebiýaty
28.05.2019 | Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar