Şagadam Köpetdagy paýtagtda uly hasap bilen ýeňdi

Şagadam Köpetdagy paýtagtda uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynda paýtagtda Köpetdagyň myhmany bolan Şagadam ajaýyp ýeňiş gazandy. Türkmenbaşy şäherinden gelen topary Köpetdagy 4:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Kenarlylar 10-njy minutda Röwşen Baýlyýewiň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsalar, Köpetdag 3 minut soňra Şiri Annaýewiň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. Ýöne duşuşykda şondan soň ýer eýeleriniň sesi çykmady.

Tersine, Şagadam ýene-de üç gol geçirdi. 29-njy minutda Mekan Aşyrow (11 m.j.u.), 45-nji minutda Arslan Ýollyýew, 54-nji minutda bolsa Şagadamyň şu möwsümdäki iň netijeli futbolçysy Hydyrgeldi Atdjanow tapawutlandy.

Bu ýeňşiň Şagadam üçin iň ýakymly tarapy toparyň ýaryş tertibinde ikinji basgançaga çykmagydyr. Munuň özi geçen möwsümi iň soňky basgançakda tamamlan topar üçin diýseň uly üstünlik. Başga bir tarapdan bolsa, garaşylmadyk toparyň Ahal, Altyn asyr ýaly has güýçli garşydaşlardan hem öňe saýlanyp, ikinji orna çenli çykmagy Ýokary liganyň täze möwsüminde bäsdeşligiň has güýçli boljakdygyny görkezýär.

Dört duşuşykda ikinji gezek ýeňlen Köpetdag bolsa ýaryş tertibiniň sekizinji basgançagyna çenli çökdi.

6-njy tapgyrda Şagadam Energetigi kabul eder, Köpetdag bolsa ýaryşyň lideri Arkadag toparynyň myhmany bolar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylaty belli boldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylary belli boldy
Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi