Sagdyn uzak ýaşlylyga päsgel berýän esasy ýaramaz endik agzaldy

Sagdyn uzak ýaşlylyga päsgel berýän esasy ýaramaz endik agzaldy

Hytaýyň Wençžou uniwersitetiniň alymlary telewizoryň öňünde köp oturmak sagdyn uzak ýaşlylyga zyýan edýär diýip hasaplaýarlar. Bu ugurda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri JAMA Network Open žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ylmy işiň çäklerinde alymlar 45 müň meýletinçiniň saglygy, iýmit siňdiriş we hereket ýagdaýlaryny seljerdiler. Synaglar 1992-nji ýylda badalga aldy. Meýletinçiler şol wagt 50 ýaşdan ýokarydy. 20 ýyllap alymlar olaryň saglygyny yzarladylar. Şeýle-de olaryň näçe wagt öýde we köçede bolandyklary, telewizora seretmek bilen işlerini nähili derejede bitirendiklerini öwrendiler.

Alnan netijeler telewizoryň öňünde köp wagt geçirmegiň uzak ýaşlylyga uly zyýan ýetirýändigini görkezdi. Ýagny bu endik 70 ýaşdan soňra adamyň sagdyn garrylyga bolan mümkinçiligini 8 göterim kemeldýär.

Eger bir sagatlyk aram türgenleşik edilen bolsa, meýletinçileriň sagdyn uzak ýaşamaga bolan mümkinçiligi 28 göterim ýokarlanyp bilerdi diýip, alymlar belleýärler.

Olar telewizora uzak seredýän adamlaryň köp halatda ukusyny ýeterlik almaýandygyny, süýji we ýagly zatlary köp iýýändiklerini belleýärler. Bu bolsa öz gezeginde pes fiziki işjeňlik bilen utgaşyklylykda, semremä we ýürek-damar keselleriň döremegine getirýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar
Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi
Sazyň peýdasy
Hindi obasynyň ýaşaýjylary gaýdyp gelen itiň hormatyna baýramçylyk guradylar
Türkmen diplomaty Malaýziýanyň Sarawak welaýatynyň premýeri bilen duşuşdy
Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy