“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär

“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti süýt önümleriniň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde “Sahabatly” haryt nyşany bilen gatyk, uýadylan gaýmak, süzme, aýran taýýarlanyp, ýerli bazarlara ugradylýar. Şeýle hem bu ýerde 200, 400 we 1000 gramlyk “Paýtagt” we 700 gramlyk “Dilim” peýnirleri öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik desgalary bilen birlikde, bu ýerde ýörite maldarçylyk toplumy bolup, onda golştin tohumly gara mallaryň we zaanen geçileriniň ýüzlerçesine talabalaýyk ideg edilýär.

Şeýle hem Aşgabat Gökdepe aýlaw ýolunyň 25-nji kilometrinde ýerleşýän bu kompaniýa döwlet tarapyndan uzak möhletleýin 600 gektar ýer bölegi bölünip berlip, onuň 450 gektardan gowrak meýdanynda ot-iýmlik ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetine degişli maldarçylyk toplumy 2014-nji ýylda açyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen peýnir öndürijisi Sahabatly önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär
Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açylar, Hytaý awiakompaniýasy Aşgabada uçuşlaryny dikelder, Türkiýede ejir çekenler üçin Türkmenistandan 8 tonna golaý ynsanperwer kömegi iberildi we beýleki habarlar
Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler
Türkmenistanda mallary gyş möwsümine taýýarlaýarlar
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi görkezildi
Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi