Türkmenistanda mallary gyş möwsümine taýýarlaýarlar

Türkmenistanda mallary gyş möwsümine taýýarlaýarlar

Türkmenistanly maldarlar gyşa taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Bu baradaМИР 24 habar berýär.

Gyş möwsümi başlamaz ozal ätiýaçlyk ot-iýmleri bilen üpjün etmek we mallaryň gyşdan abat çykmagy üçin fiziki ýagdaýyna gözegçilik etmek möhümdir.

Türkmenistandaky käbir iri maldarçylyk toplumlary ot-iým önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin öz ýerlerini ulanýarlar.

Russiýanyň habarlar gullugynyň wekilleri şeýle toplumlaryň birine baryp gördüler.

Bu ammarda mallaryň iýmini saklaýarys. Bu ýerde ätiýaçlyk ot-iýmleri saklamak üçin ähli zerur şertler bar. Ot-iýmiň her görnüşi aýratyn ammarda saklanýar. Häzirki wagtda ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak dowam edýär diýip, Sahabatly maldarçylyk toplumynyň işgäri Meretdurdy Babaýew žurnalistlere gürrüň berýär.

Mallaryň gyşlamagy üçin ýataklary taýýarlaýarys. Mallary saklamak üçin ähli zadyň ýerbe-ýer bolmagy möhümdir. Mallaryň immuniteti eýýäm güýçlendirildi diýip, ýerli weterinar Çary Ýagmyrow gürrüň berýär.

Möwsüme taýýarlykdan daşary mallara weterinar lukmanlarynyň aýratyn ünsi we güýçlendirilen ot-iýmler zerur bolup durýar. Şoňa laýyklykda, sygyrlar günde iki gezek iýmitlendirilýär. Her bir sygyr üçin günde azyndan 40 kilogram iýmit sarpanylýar.

Ýene degişli makalalar

Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler
Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi
“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär
Türkmenistanda 2022-nji ýylda önümçilik desgalarynyň 20 sanysy işe girizildi
Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açylar, Hytaý awiakompaniýasy Aşgabada uçuşlaryny dikelder, Türkiýede ejir çekenler üçin Türkmenistandan 8 tonna golaý ynsanperwer kömegi iberildi we beýleki habarlar
Türkmen peýnir öndürijisi Sahabatly önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär