Türkmenistanda 2022-nji ýylda önümçilik desgalarynyň 20 sanysy işe girizildi

Türkmenistanda 2022-nji ýylda önümçilik desgalarynyň 20 sanysy işe girizildi

Türkmenistanda 2022-nji ýylda üç sany maldarçylyk, üç sany hem guşçulyk hojalygy, iki sany sowadyjy ammar, sekiz sany ýyladyşhana, dört sany azyk ugurly kärhana işe girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze önümçilik desgalaryň işe girizilmegi öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna ýardam etdi. Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda 227 sany täze önüm öndürilip başlandy.

Oba hojalyk önümlerini öndürmekde türkmen işewürlerine möhüm orun degişlidir. Olar et, süýt, ýumurtga, balyk, un, şeker, ýag önümleriniň, çaga iýmitleriniň, gök we miwe şireleriniň, agyz suwlarynyň, süýji-kökeleriňdir doňdurmalaryň dürli görnüşlerini öndürýärler.

Türkmenistanyň “Sahabatly”, “Ajaýyp ussat — halal önümler”, “Garlawaç-1” hojalyk jemgyýetleriniň, “Uly ynam” daýhan hojalygynyň, “Bereketli jaý” hususy kärhanasynyň, şeýle hem Boldumsaz etrabyndan telekeçi Arslan Çowdurowyň maldarçylyk toplumlarynda süýt we et önümleri öndürilýär.

“Ajaýyp ussat — halal önümler” hojalyk jemgyýetinde günde her sygyrdan 25 litr süýt, “Uly ynam” daýhan hojalygynda aýda 8 tonna süýt, “Sahabatly” hojalyk jemgyýetinde bolsa her gün 5,5 tonna çenli süýt alynýar.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda süýdi köp berýän tohum mallaryň 500-e golaýy, geçileriň hem 500-den gowragy idedilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi görkezildi
“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär
Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açylar, Hytaý awiakompaniýasy Aşgabada uçuşlaryny dikelder, Türkiýede ejir çekenler üçin Türkmenistandan 8 tonna golaý ynsanperwer kömegi iberildi we beýleki habarlar
Türkmen peýnir öndürijisi Sahabatly önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär
Türkmenistanda mallary gyş möwsümine taýýarlaýarlar
Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi