Şahyr Gurbannazar Ezizowy ýagşylykda ýatlap geçirilen şygryýet agşamy

Şahyr Gurbannazar Ezizowy ýagşylykda ýatlap geçirilen şygryýet agşamy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gurbannazar Ezizowy ýagşylykda ýatlap, Söýgüden doly ýürek atly şygryýet agşamyny geçirdi.

Dabaranyň dowamynda ussat şahyryň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Şahyryň ussatlyk bilen döreden ajaýyp şygyrlaryny okuwçylar labyzly aýdyp berdiler, şeýle-de şol şygyrlar esasynda gysgajyk sahnalary janlandyrdylar.

Hünärmenlerimiz Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, olarda halallyk, päklik, dogruçyllyk, pes göwünlilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtadylar. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi
Kömek Kulynyň kyssasy we türkmen edebiýatynyň 'suwsuz degirmen' aladasy
Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar
Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr
Magtymguly Pyragy ruhy dünýäň çyragy
Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow