Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer

Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer

Eýranyň Goranmak ministri Muhammed Ryza Aştiýani, Ysraýylyň, Hamasyň ýolbaşçylaryndan Salih Al Aruriniň janyna kast etmeginiň sebitiň deňagramlylygyny bozandygyny we netijesiniň ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, paýtagt Tähranda metbugata beýannama beren Goranmak ministri Aştiýani, Ysraýylyň düýn agşam Liwanda guran we Aruriniň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm hakynda garaýyş beýan etdi.

ABŞ-nyň duşmançylygynyň dowam edýändigini aýdan Aştiýani, bu hüjümiň ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirjekdigini belledi.

ABŞ-nyň sebitiň deňagramlylygyny bozandygyny aýdan Aştiýani, “Sebitiň deňagramlylygyny bozmagyň netijesi agyr bolar, ABŞ-nyň alyp barýan syýasatlaryna garşy bolan tutumlar gün saýyn artýar” diýdi.

Ysraýylyň, Liwanyň paýtagty Beýrutda guran hüjüminde Hamasyň ýolbaşçylaryndan Salih Al Aruri bilen birlikde 6 adam öldürildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Hamasyň Ýolbaşçylaryndan Salih Al Arurini Öldürdi
Blinkeniň Ysraýyla Gurajak Sapary Yza Süýşürildi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iň kyn diller
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy