Samsung daşky gurşawy goramak boýunça maksatnama alyp barýar

Samsung daşky gurşawy goramak boýunça maksatnama alyp barýar

Samsung kompaniýasy ähli Galaxy enjamlarynyň daşky gurşawa täsirini azaltmak boýunça taslama başlady. Galaxy for Planet programmasynyň bir bölegi hökmünde tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýyla çenli ýetilmeli möhüm maksatlary kesgitledi.

Aýdylan maksatlaryň arasynda täze ykjam enjamlary öndürmek üçin ikinji derejeli çig malyň ulanylmagyna geçmek we enjamlarynyň gaplanyşynda plastmassany ulanmakdan düýbünden ýüz öwürmek bar. Samsung-dan ýene bir gyzykly täzelik bolsa garaşma tertibinde energiýa sarp etmeýän zarýad berijileriň çykmagy bolar.

Şeýle hem, kompaniýa Braziliýadaky we Meksikadaky edaraarydyr zawodlaryny Hytaýda, ABŞ-da we Ýewropada şuňa meňzeş desgalaryň mysaly bilen diňe dikeldilýän energiýa çeşmelerinde işlemek üçin göçürmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär
2026-njy ýylda hökman baryp görmeli 25 ýer
Ýeriň ýagtylyk çeşmesi
Bir ädimde beýleki ýarym şara geç!
Angliýada Ýene-de 2 Energiýa Firmasy Bankrod Boldy
New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy