Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy

Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy

Samsung Galaxy M33 5G-niň synagdan geçirilen wersiýasy SM-M336B_DS model belgisine eýe boldy. Bu ýerde DS iki SIM-kartasyny göterýändigini aňladýar diýip, ixbt.com belleýär.

Sertifikatlaşdyryjy edara Galaxy M33 5G-niň hiç hili häsiýetlerini açyp görkezenok, onuň diňe Bluetooth 5.1 birikmesini goldaýandygyny belleýär.Ondan öň smartfon SM-M336BU model belgisi bilen Geekbench maglumatlar bazasynda peýda boldy.

Meşhur bençmark gurluşyň täze Exynos 1200 bir kristally ulgam esasynda gurnaljakdygyny we 6 GB operatiw ýada eýe boljakdygyny nygtaýar.Operasion sistema hökmünde Android 12 çykyş eder.Mundan başga-da, Samsung Galaxy M33 5G günorta koreýaly düzgünleşdiriji tarapyndan sertifikatlaşdyryldy.

Ol täze önümiň 6000 mA/s sygymly akkumulýator batareýasy bilen üpjün ediljekdigini tassyklady.Gurluşyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ýakyn hepdelerde bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Türkmen söweş sungaty ussatlary başa-baş söweş boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler
10.01.2018 | PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy