"Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärler

"Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärler

Azatlygyň habarçylary Türkiýeden Türkmenistana gitmek isleýänleriň sanawynda 4500-den gowrak adamyň bardygyny anykladylar. Sanawlar Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygy tarapyndan ýöredilýär. Şol bir wagtda-da Türkiýeden Türkmenistana gaýtmak mümkinçiligi tas ýok diýen ýaly, ýurtlaryň arasynda yzygiderli uçar gatnawy henizem dikeldilmedi, çarter uçuşlary seýrekligine galýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkiýeden Türkmenistana gitmek üçin sanawa 4500-den gowrak adamyň ýazylandygyny tassyklap bildiler. Bu adamlaryň köpüsi henizem öz ýurduna gitmek üçin mümkinçiligiň döremegine garaşýar.

Türkmenistanyň raýatlary 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli yzygiderli uçuşlar ýatyrylandan soň türkmen konsullygyna ýüz tutup, sanawlara ýazylyp başlapdy. Türkmenistanyň hökümeti, COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň arasynda 2020-nji ýylyň mart aýynda halkara uçar gatnawlaryny doly ýaytyp, ýarym ýyldan soň awgust aýynda raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmek üçin çarter uçuşlaryny gurap başlady. Seýrek çarter uçuşlary bar bolan islegleri kanagatlandyrmaýar.

Maý aýynyň ahyrynda Türkmenistan halkara gatnawlaryny bölekleýin dikeltdi, emma ýüzlerçe müň türkmen raýatynyň köplük bolup ýaşaýan ýurdy - Türkiýä henizem uçar gatnamaýar.

Bu aralykda, Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlarynyň arasynda öýlerine dolanmaga islegler artýar, käbirleri üçin bu uly zerurlyk bolup durýar.

Ykdysady çökgünlilik zerarly Türkiýedäki müňlerçe türkmen raýaty girdejisiz galdy, köpüsi öz azyk we ýaşaýyş jaýy çykdajylary üçin pul gazanyp bilmeýär, lukmançylyk kömeginden mahrum bolýar. Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmen migrantlarynyň sany artýar. Türkmenistan öz raýatlarynyň möhleti geçen pasportlaryny daşary ýurtlarda uzaltmak işini diňe ýaňy-ýakynda ýola goýup başlady.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda günde onlarça türkmen raýary deportasiýa merkezlerinde düşýär we boşadylýar.Onuň sözlerine görä, Stambulda dokumentiz saklanan türkmen raýatlary köplenç beýleki şäherlerdäki deportasiýa merkezlerine iberilýär we şol ýerde iki hepdä golaý watlap saklanýar we boşadylýar.

Olaryň ellerine deportasiýa merkezinde saklanandygy barada kagyz berilýär.Uçar gatnawynyň bolmazlygy, türkmen raýatlarynyň beýleki ýurtlaryň raýatlaryndan tapawutlylykda öz ýurduna mejbury deportasiýa edilmegine mümkinçilik bermeýär.

"Türkmenistanyň raýatlary iki hepde töweregi deportasiýa merkezlerinde saklanýar we öz watanyna iberilip bilinmeýändigi sebäpli boşadylýar. Uçuşlar ýok we deportasiýa merkezlerinde ýer galmaýar. Mysal üçin Owganystandan we beýleki ýurtlardan bikanun immigrantlar deportasiýa edilýär. Türkmenistanyň raýatlary bolsa boşadylyp goýberilýär"- diýip, Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysy Mansur Magomedow 14-nji iýulda habar berdi.

Häzirki wagtda Türkiýeden Türkmenistana barmak üçin seýrek mümkinçilikleriň biri Dubaýyň üstünden geçýär. Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawy 30-njy maýda gaýtadan başlandy.

Dubaýyň üsti bilen Türkmenistana syýahat ep-esli çykdajylary talap edýär we onuň başa barjagyna kepillik bolmaýar. Bilet edinmek mesele bolmagyna galýar. Dubaýdaky çeşmelere görä, "Türkmen howa ýollarynyň" ýerli kassalarynda Türkmenistana bilet satylmaýar. Bilet satyn almak üçin tölenýän para biletiň bahasyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy Mansur Magomedowyň sözlerine görä, Türkiýeden Dubaýa gitmek-de ep-esli çykdajy talap edýär. Türkiýeden Dubaýa bilet ortaça 250-300 dollara we BAE-niň wizasy 150 dollara durýar. Dubaýa gelen türkmen raýatlarynyň bilet satyn alyp bilmän ýene-de Türkiýä gaýdyp gelmäge mejbur bolýan halatlary hem seýräk däl.

Bu aralykda, köpler Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryň täzeden başlamagyna sabyrsylyk bilen garaşýarlar.

Türkiýede azyndan ýüzlerçe müň türkmen raýaty ýaşaýar. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň resmi sanlaryna görä, ýurtda resmi taýdan hasaba alnan 200 müňden gowrak türkmen raýaty ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede illegal ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň sany ençeme esse ýokary. Mysapyr türkmenistanlylaryň köpüsi hukuksyz we garyplyk çäginden aşakda ýaşaýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 ýokdugyny we hiç haçan bolmandygyny öňe sürýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkiýede Ýerli Saýlarlar Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýedäki saýlawlar türkmenistanlylar üçin täsirli boldy