13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda Halkbank PTB-niň başlygy täzelendi, Türkmenistanyň iň gowy etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde baýrak gowşuryldy, Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistan 1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Myratgeldi Jepbarowiç Jepbarowy Halkbank paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda bu bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň tassyklanyldy. 2.Türkmenistanyň Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. 3.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.Gpleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň we iň ýokary derejedäki dialogyň ösýändigi aýratyn bellenildi. 4.

Hytaýyň Hainan Weidu International Travel kompaniýasynyň wekiliýeti syýahatçylyk ulgamynda öňdebaryjy pudaklaýyn edaralaryň wekilleri bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geldi.Kompaniýanyň wekilleri Bir guşak bir ýol başlangyjynyň çäklerinde işlenip düzülen iki sany geljegi uly taslamany tanyşdyrdylar, şeýle hem türkmenistanlylar üçin Haýnan adasyna gezelençleri guramagy we hytaýly syýahatçylaryň Türkmenistana gelip görmeklerini ýola goýmagy teklip etdiler. 5.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak baradaky meýilnamalary mälim etdi.Ol bu barada Ynkylap gününiň 45 ýyllygy mynasybetli Eýranyň ilçihanasynda guralan dabaraly kabul edişlikde gürrüň berdi.

Diplomatyň bellemegine görä, Türkmenistan Eýranyň sebitdäki esasy hyzmatdaşlarynyň biridir.Iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 470 million amerikan dollaryna ýetdi.

Dünýäde

6.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tolgundyryjy waka bolup geçdi: 81 ýyl ozal aýra düşen 90 ýaşly ekiz aýal doganlar Mauriliýa Çawes we Andrea Lopes ahyrsoňy ýene duşuşdylar.Olary bary-ýogy bäş ýaşyndakalar aýra saldylar.

Ene-atalary aradan çykansoň, gyzlar dürli maşgalalara ýaşamaga iberildi.Ykbalyň emri bilen, olar Şükranalyk güni olaryň garyndaşdyklaryny kesgitlän DNK synagynyň netijesinde tapyşdylar.Las-Wegasda ýaşaýan Andrea wagt ýitirmän, uzak wagt mundan öň ýitiren uýasy bilen duşuşmak üçin Denwer şäherine uçar petegini satyn aldy. 7.

British Airways kompaniýasynyň Milandan Londona uçýan uçarynda adatdan daşary waka boldy.Uçuş oturgyç ýassygynyň göwrüminiň talabalaýyk däldigi sebäpli gijikdirildi.Ilkibaşda degişme ýaly görünýän ýagdaý uçuşyň hakykatdan hem gijä galmagyna sebäp boldy.

Internetde ýolagçylaryň uçaryň ekipažyna meseläni çözmäge işjeň kömek edýän wideolary peýda boldy.Meýilleşdirilmedik barlagyň dowamynda Italiýanyň awiasiýa edarasynyň ýolbaşçylary uçaryň käbir hatarlarynda oturgyç ýassyklarynyň gaty galyňdygyny anykladylar.Bu adatdan daşary ýagdaýlarda ýolagçylaryň ewakuasiýa edilmegine päsgel berip biler.

Meseläni aradan aýyrmak üçin uçuş bir sagatdan gowrak yza süýşürildi.Sport habarlary 8.Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2024-nji ýyldaky möwsüminiň dokuzynjy aýlawynyň netijelerine görä, sekiz gezek ýurduň çempiony Galkan sanawda birinji orny eýeledi.

Topar 15 utuk toplady. Şir 12 utuk bilen ikinji ýerde barýar.Oguzhan 9 utuk bilen ilkinji üçlügi tamamlaýar.Galkan toparynyň 9 şaýbany derwezä girizen hüjümçisi Begenç Döwletmyradow çempionatyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 8 16-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek A toparçanyň üçünji diwizionynda hokkeý boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär. 9.Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow 9 15-nji fewral aralygynda Namanganyň Nawbahor futbol toparynda hünär kämilleşdiriş tejribeligini geçýär.

Bu tejribelik PRO tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin tejribeli hünärmen okuwynyň bir bölegidir.Agamyradow bir hepdäniň dowamynda Nawbahorda ýaş futbolçylary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny öwrener, dürli ýaşdaky toparlaryň türgenleşigi bilen tanşar we tälimçiler topary bilen tejribe alyşar.

Ýene degişli makalalar

90 ýaşly ekizler 81 ýyl aýralykdan soň tapyşdylar
Aşgabatda halkara ulag forumy dowam edýär, yssy günlerde Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar we pensiýa gatançlarynyň onlaýn tölegi
Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar
UFC 276: Çempionlyk guşaklary eýelerinde galdy
“Gucci” kriptopul tölegini kabul eder
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy