90 ýaşly ekizler 81 ýyl aýralykdan soň tapyşdylar

90 ýaşly ekizler 81 ýyl aýralykdan soň tapyşdylar

ABŞ-da mundan 81 ýyl öň aýra salnan 90 ýaşly ekiz uýalar Mauriliýa Çawes we Andrea Lopes tapyşdylar diýip, Metro neşirine salgylanýan News.ru ýazýar. Olaryň öň birek-biregi hiç wagt görmedik ýaly duýgyny başdan geçirendikleri habarda bellenýär.

Bäş ýaşlaryndaka olaryň ene-atasy aradan çykyp, her birini başga maşgalalara berip, aýra salypdyrlar. Olar soňky gezek 9 ýaşyndaka bir-birlerini görüpdirler.

Uýalar DNK barlagy arkaly tapyşypdylar. Mundan soň Las-Wegasda ýaşaýan Lopes Denwerde ýaşaýan ekiztaýy Çawesi görmäge barypdyr.

Men dünýäde iň bagtly adam, sebäbi uýamy gaýdyp görerin öýtmeýärdim. Maşgalam bolsa-da, özümi ýalňyz duýýardym, sebäbi maňa doganym gerekdi diýip, Çawes habarçylara gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda halkara ulag forumy dowam edýär, yssy günlerde Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar we pensiýa gatançlarynyň onlaýn tölegi
Sürüjisiz ulag hyzmatynyň çägi giňeýär
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar
Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady