Sanepidomologiýa brigadalary Lebabyň obalaryndaky ýaşaýyş jaýlaryny zyýansyzlandyrýarlar

Sanepidomologiýa brigadalary Lebabyň obalaryndaky ýaşaýyş jaýlaryny zyýansyzlandyrýarlar

31-nji iýulda Türkmenabadyň saglygy saklaýyş edarasynda sebitiň saglyk edaralarynyň we etrap polisiýa bölümleriniň ýolbaşçylarynyň gatmaşmagynda duşuşyk geçirildi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna laýyklykda, mundan bir gün soňra Lebap welaýatynyň Halaç, Saýat, Çärjew, Darganata we Gazojak etraplaryndaky ýaşaýyş jaýlarynda arassaçylyk işlerini geçirmäge başladylar.

Sanepidomologiýa edaralarynyň (SEE) iki wekili girýän brigadalar we oba polisiýasy obalardaky ähli jaýlara aýlanýarlar. SEE-niň iki işgäri jaýlaryň ähli otagyny zyýansyzlandyrýarlar. Olar jaýlaryň gapylaryny we penjirelerini azyndan üç sagatlap açyk goýmaklygy ilata maslahat berýärler.

SEE-niň üçünji agzasy jaýlarda zyýansyzlandyrma işleriniň geçirilendigi barada žurnala gol goýmagy ýaşaýjylardan soraýar. Ol edilen işler üçin 25 manat hem ýygnaýar.

Adamlara jaýlaryň nähili madda bilen zyýansyzlandyrýandygyny aýtmaýarlar. Suwuklygyň ysy ýok. Howludaky kümelerde, mal-garalaryň saklanýan ýerde, ammarda we hajathanada zyýansyzlandyrma geçirilmeýär.

Polisiýa ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin profilaktiki çäreleri berjaý etjekdigi şol sanda, jemgiýetçilik ýerlerinde ellerini ýuwjakdygy hem maska dakjakdygy barada ýazmaça hata gol çekmegi ilatdan talap edýär.

Maşgala profilaktiki işlerden boýun gaçyryp bilýär. Emma, munuň sebäpleri barada düşündiriş ýazmaly. SEE-niň işgärleri düşündirişi öz ýolbaşçylaryna ýetirmegi, soňra onuň etrap prokuraturasyna ýollamagy söz berýär.

16-njy iýuldan başlap, Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen bagly çäklendirmeler täzeden girizildi.

Polisiýa raýatlaryň maska dakýandygyna gözegçilik edýärler, otly gatnawlary çaklendirildi, bazarlar ýapylýar.The post Sanepidomologiýa brigadalary Lebabyň obalaryndaky ýaşaýyş jaýlaryny zyýansyzlandyrýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

MaryMaşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi
Türk Halkynyň Boş Wagty Ýok
Azerbaýjandan DKTR-na Ilkinji Resmi Sapar Guraldy
Fuat Oktaý DKTR-na Bardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fuat Oktaý Iş Sapary Bilen Şu Gün DKTR-na Gider