“Bawariýanyň” 12 süňňi abat

Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň birinji tapgyrynda “Bawariýa” myhmançylykda 5-nji liganyň wekili “Bremer” bilen duşuşdy.Myhmanlaryň hökmürowanlygynda geçen oýunda münhenliler 12-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Bawariýa” taryhy hasap bilen ýeňiş getiren gollary Çupo-Moting (8, 28, 35, 82), Musiala (16, 48), Warm (27, ö.d.), Tillmann (47), Sane (65), Kuisanse (80), Sarr (86) hem-de Tolisso (88) geçirdi. Ýer eýelerinden Nobile 77-nji minutda gyzyl kart aldy.

Bu ýeňiş “Bawariýanyň” 1997-nji ýyldan bäri gazanan iň uly hasaply ýeňşidir.

“Bawariýanyň” ikinji tapgyrdaky garşydaşy 29-njy awgustda belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar, Eýrandaky suw krizisiniň arasynda, gezegiň özlerine ýetmeginden aladalanýar
Mançesteriň reňki gyzyl
Transfer täzelikleri
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Tanymal tälimçileriň täze toparlary
Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi