Sanjym almak höweslendirilýär: towuk paýlaýanam bar, maşyn berýänem

/* custom css */ .td_uid_19_60cb3b7947b23_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cb3b7947b23_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly koronawirusa garşy sanjym etmek çäreleri geçirilýär.

Emma käbir dürli sebäplere görä, bu sanjymy almaga o diýen höwesek bolmaýar. Şeýle bolansoň, köp ýurtda saglygy goraýyş işgärleri maşgalalara aýlanyp, sanjymyň peýdaly taraplaryny düşündirýärler.ABŞ we Meksika ýaly ýurtlarda bolsa, sanjym alanlara utuşly pul baýraklary berilýär.

Golaýda Moskwanyň meri her hepde sanjym alan 5 adama maşyn sowgat ediljekdigini aýdypdy.Indoneziýanyň Günbatar Ýawa ştatynyň Sipanas sebitindäki saglygy goraýyş işgärleri öýme-öý aýlanyp, adamlara sanjymyň peýdaly taraplary barada maglumat berýärler.

Sanjym alan belli ýaşdan uly adamlara bolsa, towuk sowgat edilýär.Sebitiň ýolbaşçylary iýulyň ahyryna çenli sanjym almaga degişli bolan 60 müň adamy dolulygyna sanjym etmegi maksat edinýär.Tailandyň Mae Çaem etrabynyň ýaşaýjylary bolsa, sanjym alanlara utuşly baýrak hödürleýär.

Bijesi çykanlara sowgat hökmünde sygyr berilýär.Häzire çenli 27 sygyr paýlanypdyr.Sebitiň ýerli ýolbaşçylary halkyň maldarçylyk bilen meşgullanýandygyny, sanjym doly tamamlanýança utuşly baýraklaryň dowam etdiriljekdigini belleýärler.Aprel aýynda bolsa, Russiýanyň Habarowsk ülkesinde sanjym alan 60 ýaşdan uly adamlara ýumurtga sowgat edilipdi.

Nýu-Ýorkuň gubernatory Endrýu Kumo 20 million ilaty bolan ştatyň 43 göteriminiň koronawirusa garşy sanjym alandygyny belledi.Emma soňky günlerde sanjym almaga islegiň azalandygyny göz öňünde tutup, utuşly kampaniýa ýola goýlupdyr.

Bijesi çykanlara dürli mukdarda pul berlip, ýokary baýragyň 5 million dollardygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Owganystan bilen bagly ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi
Awstraliýanyň iň köp ilatly şäheri Melburn boldy
Brodweý Operanyň ruhy bilen hoşlaşýar
“HIF Global” kompaniýasy ýelden ýangyç öndürmek başlangyjyny öňe sürdi
1,5 milliard dollara satyldy