Sankt-Peterburgyň gubernatory Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl bilen gutlady

Sankt-Peterburgyň gubernatory Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze — 2024-nji ýyl bilen gutlady. Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

2023-nji ýylda biz hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek üçin uly işleri durmuşa geçirdik. Ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk raýatlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işlerde ýokary netijeleri gazanmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Geljekde-de bize möhüm wakalaryň we bilelikdäki täze taslamalaryň garaşýandygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, güýç-gaýrat, rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Täze ýyl baýramçylygy Size rahatlyk, ruhubelentlik, ýakynlaryňyz bilen şatlykly pursatlary bagyşlasyn!.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
28-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan we Sankt-Peterburg ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýärler
Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi
Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $1 milliarddan gowrak boldy