Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy uludan tutuldy

Ýurdumyzyň baş baýramy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji güýjüni alamatlandyrýan dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Garaşsyzlyk binasyna gül desseleri goýuldy

Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.

Ir säher bilen Garaşsyzlyk binasynyň öňünde ildeşlerimiz hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen myhmanlar ýygnandylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynyň beýik üstünlikleriniň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary gül desselerini goýdular.

Dabaraly harby ýöriş geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylarynyň baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetleriniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.

Ýörişe gatnaşýanlaryň düzüminde ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri bar.

Ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň harby gämileriniň gözden geçirilişi baýramçylygyň tapawutly aýratynlygy boldy. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly göni ýaýlymda çärä gatnaşyjylar bir wagtyň özünde Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar.

Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň we harby tehnikalarynyň ýörişi boldy. Ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman ýerüsti, howa uçar tehnikalary we ýaraglar görkezildi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk harby ýörişine gatnaşýan iň häzirki zaman ýerüsti we harby howa tehnikalary hem-de ýaragly düzümleri ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat berildi

Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde at esbaplary şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, türkmen halkynyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza sowgat berildi.

Gün şöhlesine lowurdaýan Arkaly atly bu naýbaşy bedew ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda giňden tanalýan Meleguş we Elwan diýen bedewleriň neslindendir.

Ýurdumyzda gazanylan üstünlikler görkezildi

Soňra meýdançada ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän baýramçylyk ýörişi boldy. Meýdançadan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we welaýat häkimlikleriniň işgärleri hem-de ýüzlerçe zähmetkeşler geçdiler.

Umuman, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleriniň baýramçylyk ýörişi milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň her biriniň ýeten sepgitleri we üstünlikleri barada ýaňlanýan söhbet bilen utgaşýar, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşi häzirki döwrüň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Watanymyzyň häzirki bagtyýar gününe we röwşen geljegine bagyşlanan Arkadagly Gahryman Serdaryň ak ýoly bilen öňe! atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen tamamlandy. Aşgabatda badalga alan baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şowhunly we uly ruhubelentlik bilen geçirildi.

Köpöwüşginli feýerwerk şüweleňi

Dabaralar agşam Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Onda ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar Aşgabatda köpöwüşginli feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy. Ol döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny has-da dabaralandyryp, hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewi sowgat berildi
Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
Ministr Lütfi Elwan Germaniýanyň Wise-premýeri we Maliýe ministri bilen duşuşdy
Elwan Amerikaly Kärdeşi Ýellen Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny