Sanly innowasiýalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

Sanly innowasiýalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen Sanly innowasiýalar atly bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Sanly çözgüt — IT meýdança hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.

Şeýlelikde, Innowasion şäher ugry boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Şageldi Weliýew bilen Annanazar Mämiýewiň bilelikde taýýarlan Awtoulag kärhanalarynyň optimal dolandyryşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmek, Sanly bilim ugry boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Durdygylyç Mergenow E-mekdep, Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar ugry boýunça şol institutyň talyplary Nurmuhammet Allanow bilen Mahmyt Allaberdiýewiň bilelikde taýýarlan Türkmenbaşy bankynyň hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, ýörite ugur boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Ýazmyrat Ataýew Dalaşgär, Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Muhammetnur Ataýew Ulgamlaýyn žurnal utilitasy taslamalary bilen birinji orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň diplomlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa iş saparyny tamamlady, arhiýepiskop Feofilakt Türkmenistana geler, Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanly eminler FIFA-nyň sanawyna goşuldylar
Halkara derejeli eminleriň gatnaşmagynda onlaýn seminar geçiriler