Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Düýn 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişildi we bu möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatda pile öndürmek möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Ýüpekçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
UNESKO medeni miras sanawyna ýüpekçiligi, Hoja Nasriddiniň degişmelerini we milli türkmen el işini goşdy
Türkmen kompaniýalarynyň bäşisi Türkiýede geçýän halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti lebaply we maryly ýüpekçilere minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi