Türkmenistanyň Prezidenti lebaply we maryly ýüpekçilere minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti lebaply we maryly ýüpekçilere minnetdarlyk bildirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim hormatly Prezidente hoş habary ýetirdi.Bellenilşi ýaly, welaýatda pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnama abraý bilen ýerine ýetirildi. Ýüpekçiler 1010 tonna pile tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny doly berjaý etdiler. Şu mynasybetli häkim welaýatyň ähli ýüpekçileriniň adyndan şeýle üstünligi gazanmaga döredilen şertler we mümkinçilikler hem-de berlen goldawlar üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ýüpekçilerini bu üstünlik bilen gutlap, olara çeken asylly we yhlasly zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Maslahatyň dowamynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde welaýatyň ýüpekçileriniň 440 tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Welaýatyň häkimi ähli zähmetkeşleriniň adyndan şeýle ajaýyp üstünligi gazanmakda döwlet tarapyndan döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidente tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Döwlet Baştutany bu zähmet ýeňşi bilen welaýatyň ähli ýüpekçilerini mähirli gutlap, olaryň bu üstünliginiň ýurduň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde möhümdigini belledi hem-de munuň üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de, okaň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
UNESKO medeni miras sanawyna ýüpekçiligi, Hoja Nasriddiniň degişmelerini we milli türkmen el işini goşdy
Türkmen kompaniýalarynyň bäşisi Türkiýede geçýän halkara azyk senagaty sergisine gatnaşýar