Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Düýn 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär.Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergisini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda, ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Ekerançylyk meýdanlaryna berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar.Mundan başga-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Prezident pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini talap edýär, ýygymçylar pagta ýok’ diýýär, mejbury zähmet agzalmaýar