ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY-KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene bir üstünlikli gadam basan bu ýylymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýilip yglan edilmegi, eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy barada gürrüň beriler. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň berkligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, şeýle hem halkymyzyň beýik maksatlara ynamyny we ösüş ýolundaky tutanýerliligini özünde jemleýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly türkmen edebiýatynyň göwher gaşy
Görkana nuruny äleme çaýyp, Berkarar döwlete Nowruzym gelýär
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BEDEW BATLY ÖSÜŞLERI
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri AELLCA maksatnamasy boýunça Kembrijde hünär derejesini ýokarlandyrýarlar
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy