Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 3 müň 300 telefon nokatlarynyň 600-si internet toruna birikdirildi

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 3 müň 300 telefon nokatlarynyň 600-si internet toruna birikdirildi

Türkmenistan gazetiniň 4-nji dekabrdaky sanynda habar berlişine görä, Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda oba adamlaryna edilýän aragatnaşyk hyzmatynyň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda etrapda bar bolan 112 obanyň aglabasynda sanly telefon beketleriniň hyzmatyndan bökdençsiz peýdalanylýar.Etrap elektrik aragatnaşyk kärhanasynda ilatyň öý telefonlaryna bolan islegini doly kanagatlandyrmak babatynda göwnejaý işler yzygiderli alnyp barylýar.

Etrap merkezinde, obalarda ýaşaýan müşderileriň 3 müň 300-e golaýyna birikdirilen telefon nokatlarynyň 600-si internete goşuldy.Etrapda geçirijilik göwrüminiň giňligi we hyzmatynyň ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan optiki süýümli geçirijileriň onlarça kilometri çekildi. Şeýle toplumlaýyn işler etrapdaky jemi bar bolan telefon nokatlarynyň ýylyň ähli paslynda göwnejaý işlemegine, aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we möçberini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga oňaýly şertleri döredýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dokuz dalaşgäriň ählisiniň atlary belli boldy
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär