Sarriniň rekordy

Angliýanyň çempionatynda “Mançester” derbisinde şäherliler 31 hasabynda “Ýunaýtedden” üstün çykyp, ýeňşini baýram etdi. “Sitiniň” gollaryny Dawid Silwa, Aguero hem-de Ilkaý derwezä girizdi. “Çelsi” bolsa öz meýdançasynda “Ewerton” bilen golsuz deňme-deň oýnady.

Toparyň tälimçisi Maurizio Sarri “Premier Ligadaky” ilkinji 12 oýunda ýeňilmedik 1-nji tälimçi boldy.Ondan öňki rekord 11 oýun bilen Frank Klarka degişlidi (“Nottingem Forest”, 1993/94). “Liwerpul” Salah we Şakiriniň gollary bilen “Fulhamdan” 20 üstün çykdy. “Arsenal” Londonda “Wulwerhampton” bilen 1 utugy paýlaşyp, bassyr 3-nji duşuşygyny deňlikde tamamlady.* * ** Fransiýanyň çempionatynda PSŽ bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp, geçen hepde “Tottenhamdan” alan rekordyny has-da ösdürdi.

Parižliler Kawaniniň het-trik eden oýnunda “Monakony” myhmançylykda 40 hasabynda ýeňip, 13-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy.* Russiýanyň çempionatynda-da tapgyryň merkezi oýnunda SSKA sanawyň lideri “Zeniti” Çalow we Sigurdssonyň gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Mançesteriň reňki gyzyl
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rodžers sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenabatda uçar biletleri gytaldy, ýolagçylar howa menzilinde gije-gündiz nobata durýar
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Aşgabada sapar edýär
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy