Saturnyň iň uly hemrasynda buludyň bardygy anyklandy

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň (NASA) Jeýms Webb adyndaky kosmos teleskopy arkaly Saturnyň iň uly hemrasy Titanda bulutlaryň bardygy anyklandy.Bu asman jisiminiň atmosferasynyň dykyzlygynyň Ýeriňdäkiden 4 esse köpdügi mälim edildi.

Geçirilen gözleg işleriniň netijesinde 5-nji noýabr güni Titanyň demirgazyk ýarym şarynda 2 buludyň bardygy anyklandy.Bu bulutlaryň ulusy Titanyň ýüzündäki iň uly suwuk massa bolan Kraken kölüniň (Kraken Mare) golaýynda görünýär.

Titanyň atmosferasy azot we metan gazlaryndan emele gelip, bu tebigy ýagdaý hemranyň reňkini mämişi edip görkezýär. Şeýle hem asman jisiminiň ýüzünde bulutlary emele getirýän we ýagşyň ýagmagyna şert döredýän suwuk etan we metan himiki birleşmeleri bar.

Jumageldi Taganow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Jeýms Kemeron gark bolan batiskaf barada serial düşürmekçi bolýar
Kemeron Awataryň ikinji bölümi üçin 95 million dollar gazandy
Titanik 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar
Jeýms Kemeron gark bolan batiskaf barada serial düşürmekçi bolýar
iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy