Titanik 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar

Titanik 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar

Režissýor Jeýms Kemeronyň 1997-nji ýylyň dekabrynda ekranlara çykan Titanik atly meşhur filmi geçen ýyl 25 ýyllygyny belledi, emma bu sene bilen bagly çäreler dowam edýär.

Filmiň ahyrsoňy 4K Ultra HD/Digital Blu-ray ölçeginde çykjakdygy belli boldy, ol iri sanly meýdançalarda elýeterli bolar. Filmiň premýerasy 2023-nji ýylyň 5-nji dekabryna bellendi.

Titanik öz döwründe dünýäde kassa ýygymlary babatda öňdeligi eýeledi, ol häzir hem Jeýms Kemeronyň Awatar we Awatar: Suwuň ýoly filmlerinden soň bu ugurda dördünji orny eýeleýär.

Film 11 ugur boýunça Oskar kino baýragyna mynasyp boldy.

Titanigiň 4K ölçegdäki Blu-ray sowgatlyk neşiri 15 sagatlyk maglumatlary, şol sanda Kemeronyň, Jon Landaunyň we Keýt Uinsletiň täze interwýularyny özünde jemlär diýip, Kinonews.ru habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi
Titanik filmindäki agaç gapy satuwa çykaryldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar
Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy