Titanik filmindäki agaç gapy satuwa çykaryldy

Titanik filmindäki agaç gapy satuwa çykaryldy

Gark bolýan meşhur Titanik gämisinden Rouz atly baş gahryman gyzy halas eden rowaýaty gapy ABŞ-da satuwa çykaryldy. Oňa 40 müň dollar möçberde başlangyç nyrh kesildi.

Adybir filmde görkezilýän agaç gapyny heläkçilikden soň saklanyp galan gäminiň böleklerinden ýasadylar diýip, Ren.tv teleýaýlymy habar berýär.

Görlüp oturylsa, aktrisa Keýt Uinsletiň gahrymanyny halas eden agaç bölegi aslynda gapy däl-de, gäminiň diwarynyň bir bölegi ekeni. Galyberse-de, filme tomaşa edenler uzynlygy iki ýarym metrden geçýän agaç böleginde gahrymanlaryň ikisiniň hem ýerleşip biljekdigini bellediler.

Söwda-satyg auksionynda Titanik gämisine degişli başga-da köp zatlar satylar, olaryň arasynda Rouzyň köýnegi hem bar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi
Titanik 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar
Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler
Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar