Saud Arabystany Bilen Türkiýe Goranyş Senagaty Boýunça Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Eder

Saud Arabystany Bilen Türkiýe Goranyş Senagaty Boýunça Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Eder

Saud Arabystanynyň Goranmak ministri Halid bin Salman, Türkiýe bilen goranyş senagaty pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini maksat edinýän iş meýilnamasy meselesinde ylalaşyk gazanylmagyna kanagatlanma bildirdi.

Bin Salman, Twitterden beren habarnamasynda, Türkiýe Respublikasynyň Goranmak ministrligi bilen Saud Arabystanynyň Goranmak ministrliginiň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini maksat edinýän iş meýilnamasy hakynda maglumat berdi.

Saud Arabystanynyň Goranmak ministri “Türkiýe Respublikasynyň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen iki dost ýurduň arasynda harby we goranyş senagaty pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini maksat edinýän iş meýilnamasy meselesinde ylalaşyk gazanylmagyna kanagatlanma bildirýärin” diýdi.

Saud Arabystanynyň Goranmak ministrliginiň Baýkardan uçarmansyz howa ulagyyny satyn aljakdygyny aýdan Salman, Goranmak ministrligi bilen Baýkaryň arasynda howa ulaglarynyň satyn alynmagy meselesinde şertnama baglaşylandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi
Durna tansy
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Potratçylar birleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi