Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin 1 milliondan gowrak adam geldi" diýdi

Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin 1 milliondan gowrak adam geldi" diýdi

Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrliginiň Zyýarat meseleleri boýunça geňeşçisi Muhammed al-Bijawi, Al-Ihbariýýe telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, ministrligiň mukaddes topraklara haj ybadatyny ýerine ýetirmek maksady bilen gelen adamlara hyzmat berip bilmek üçin ähli mümkinçilikleri we toparlary bilen iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Bijawi ähli gümrük geçelgeleriniň hajylary kabul etmek üçin açylandygyny we haj üçin gelenleri kabul etmäge, giriş işlerini tiz wagtda tamamlamaklary üçin iň ýokary derejede taýarlyk görendigini beýan etdi.

Medinedäki we Mekgedäki ähli howa menzilleriň haj üçin gelen adamlaryň proseduralarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri bilen işleýändigini aýdan Bijawi, häzirki wagta çenli haj ybadatyny ýerine ýetirmek üçin daşary ýurtlardan 1 milliondan gowrak adamyň gelendigini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Haj zyýaratçylarynyň ilkinji topary Saud Arabystanyna ugradyldy
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
60 müň zyýaratçy kabul ediler