Saud Arabystanynda täze nebit we gaz ýataklary tapyldy

Saud Arabystanyň Energetika ministri şazada Abdulaziz bin Salman ýurduň gündogar welaýatynda we Rub al-Hali sährasynda ýedi sany täze nebit we gaz gorunyň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Ministriň aýtmagyna görä, milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramco” iki slanes nebit ýatagyny we bir adaty nebit ýatagyny, şeýle hem iki gaz ýatagyny we iki gaz formasiýasyny ýüze çykardy.

-Açyşlar üç nebit we üç gaz guýusynyň burawlanmagy netijesinde ýüze çykaryldy diýip, ministr belledi.

Bu açyş Saud Arabystany dünýäniň iň uly nebit eksportçysy hökmünde ornuny has-da berkider. Häzirki wagtda ýurtda nebitiň çykarylyşy gündelik 10 million barrele, eksporty bolsa, her gün 7 million barrele barabar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidentiniň Mohammed bin Salmana ýazan hatyny ýetirmek; Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde täze ädim
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary