Saud kompaniýasy maýadar bolar

Fransiýanyň Renault bilen Hytaýyň Geely kompaniýalary gibrid tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa hereketlendirijileri işläp düzmek üçin Saud Arabystanynyň Saudi Aramco nebit kompaniýasyny maýadar we hyzmatdaş hökmünde çekmek isleýär.

Saudi Aramco nebit kompaniýasynyň täze dörediljek bilelikdäki kompaniýanyň 20 göterim paýnamalaryna eýe bolmagyna garaşylýar.Saud kompaniýasy sintetiki ýangyç we wodorod tehnologiýalaryny işläp düzer.Täze kompaniýa bilen her ýyl 5 million gibrid we ekologiýa taýdan arassa hereketlendirijileri öndürmek meýilleşdirilýär.

Bu kompaniýa 19 müň işgär çekmek göz öňünde tutulýar.

Ýusup AKMYRADOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Bilelikde hereketlendiriji öndürerler
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler
Geely Aston Martin-iň eýesi boldy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Bäsdeşlerinden ozdurar