Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň okunly ösýän Türkmenistan üçin berk binýat bolandygyny belläp geçdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň halklary has-da ýakynlaşdyrmakda iň möhüm gural bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit derejesinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Şunda şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeli häsiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň iýulynda dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyp, türkmen-özbek parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy bilen duşuşdy
Türkmen parlamentarileri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşýar
“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde Zenan parlament ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň resmisi bilen duşuşdy we Samarkanda sapar etdi
Özbegistanyň we Türkmenistanyň resmileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdiler
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy geçirildi