Şaýy Lider Sadr, ABŞ-nyň Bagdatdaky Ilçihanasynyň Ýapylmagyny Isledi

Şaýy Lider Sadr, ABŞ-nyň Bagdatdaky Ilçihanasynyň Ýapylmagyny Isledi

Yrakda Sadr hereketiniň lideri Mukteda as Sadr, Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza sektoryna guralýan hüjümlere goldaw berýän ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň ýapylmagyny isledi.

Şaýy lider Sadr, beren ýazmaça beýannamasynda, Palestina we Gaza goldaw berilmelidigini nygtady.

Ysraýylyň Gaza sektoryna guraýan hüjümlerine goldaw berýän ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň ýapylmagyny isledi.

Yragyň hökümetinden we Yragyň Mejlisinde mesele hakynda gyssagly kararyň kabul edilmegini islän Sadr, şeýle bolman halatynda meselä tapawutly çemeleşjekdiklerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe-Yrak gatnaşyklary
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Erdogana Yraga Resmi Sapara Gider
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar