Türkiýe-Yrak gatnaşyklary

Türkiýe-Yrak gatnaşyklary

Daşary işler ministri Hakan Fidan, awgust aýynyň 22-24-i aralygynda Yrakda saparda boldy. Yrak, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda terrora garşy göreş, energetika, ykdysady gatnaşyklar, içerki durnuklylyk we bäsleşik taýdan Türkiýe üçin strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän ýurtlardan biridir. Şol sebäpli hem ministr Fidanyň sapary, Prezident R. T. Erdoganyň Yraga guramagy meýilleşdirýän sapary taýdan diýseň möhüm.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň direktory Prof. Dr Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Iki ýurduň arasyndaky ynjyk meseleleriň çözülmegi gaty kyn we Prezident Erdoganyň Yraga gurajak saparyndan soň hem şol kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin wagt gerek bolar. Şol kynçylyklaryň çözülmeginde Yragyň başdan geçirýän içerki meseleleri täsirli bolup biler.

Sudanynyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ynjyk gurluşy, ykdysady kynçylyklar, Bagdat bilen Erbiliň arasyndaky düşnüşmezlikler, terror guramasy PKK-nyň öz işini dowam etdirmegi we Demirgazyk Yrakda iş alyp barýan we Eýran ýaly daşarky aktýorlaryň ýaramaz täsiri Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklara uly zeper ýetirýän esasy sebäplerden biridir.

Howa çalşygy bilen arabaglanşykly daşky gurşaw meselesi Yraga ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär.Bu ýerde suw meselesi hem Türkiýe bilen Yragyň arasynda çözülmegine garaşýan esasy ugurlardan biri.

Fidanyň saparynyň gün tertibinde howpsuzlyk we energetika meselesi esasy orun eýeledi.Emma Türkiýe üçin sünnileriň arasynda gazanylan ylalaşygyň dowam etdirilmegi strategiýa taýdan diýseň möhüm.Sünnileriň arasyndaky syýasy çaknyşyk, Türkiýäniň Yrak bilen edýän gatnaşyklary üçin strategiýa taýdan howply bolup biler.

Bu Türkiýäniň Yraga messepleýin çemeleşýändigini manysyny aňlatmaýar.Tersine sünnileriň arasyndaky ylalaşyk, Yrakdaky beýleki syýasy we harby etaplara oňy täsirini ýetirip biljek strategiýa taýdan esasy serişde hökmünde görülýär.

Daşary işler ministri Fidan, saparynyň çäginde Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin, Al Sudani we Prezident Abdul Latif Raşid bilen birlikde yrakly Türkmenler we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşdy.

Türkiýäniň strategiýa taýdan ileri tutulýan ugurlary Yrakdaky etno-messepsel syýasy deňagramlylygyň goralmagy bilen çäkli däl.Demirgazyk Yrakda esasan Kürdistan demokratik partiýasynyň we Kürdistan Ýurtsöýeler bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar, terror guramasy PKK-nyň Yrakdaky aksiýalarynyň gözegçilik astyna alynmagy we täsiriniň azaldylmagy, PKK-nyň we şaýy başbozarlyň Türkiýä garşy edýän hyzmatdaşlygy, şaýy başbozarlar arkaly Eýranyň täsiriniň öňüniň alynmagy we Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi, Fidanyň Yraga guran saparynde gün tertibinde esasy orun eýelän ugurlar boldy.

Bu etapda ünsleri özüne çekýän esasy mesele terror guramasy PKK-a garşy göreş meselesidir. PKK-a garşy alyp barýan strategiýasyny üýtgeden Türkiýe, guramanyň ýurduň içinde we daşynda, täsirsiz ýagdaýa getirmegi, Yrakda täsirini azaltmagy we Siriýada gözegçilik astyna almagy başardy.

Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda iş alyp barmagy we şol sebitleri gözegçilik astyna almagy, PKK-a garşy alyp barýan operasiýalary, Ankara bilen Erbiliň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, Yrakda PKK-nyň güýçden gaçmagyna sebäp boldy emma täsirsiz ýagdaýa getirip bilmedi.

Terror guramasy PKK, İŞİD-e garşy göreş bahanasy bilen Sijan sebitine ýaňadandan ornaşdy. Mahmury PKK-nyň tälim düşelgesine öwürdi. Süleýmaniýedäki etrapçalary gözegçilik astyna almaga başlady. Şaýy başbozarlar bilen hyzmatdaşlyk edip Türkiýä garşy göýä deňagaramly syýasat alyp barmaga başlady. Iň esasysy bolsa PKK-nyň syýasy we harby täsirini Yragyň syýasatyna degişli edip güýçlendirmä çalyşdy.

Türkiýäniň strategiýasy bolsa PKK-nyň özgeren strategiýasyna we taktiki çemeleşmesine garşy durmak, PKK-ny Yrakda täsirsiz ýagdaýa getirmek we guramanyň Kandile çekilmegini ýola goýmakdyr. Şol sebäpli Türkiýe, Yragyň hökümetiniň PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmegini isleýär we Fidanyň saparynyň çäginde beýan edişi ýaly, PKK-nyň barlygyny Yragyň territorial bitewiligi we özygtyýarly üçin uly howp hökmünde görýär.

Beýleki tarapdan PKK-nyň terror guramasy hökmünde ykrar edilmegi, demirgazyk Yrak syýasatyny PKK-nyň täsirinden halas eder we kürtleriň arasynda möwjän çaknyşygy azaldar.Bu meselede Türkiýäniň sebitdäki aktýorlarynyň Türkiýe bilen işleşmegi diýseň möhüm.

Fidanyň Erbil şäherinde geçiren diplomatik duşuşyklary hem muny tassyklaýar.Türkiýe bilen Kürdistan demokratik partiýasynyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlyk, PKK-nyň Kürdistan demokratik partiýasyna garşy berk tutum alyp barmagyna sebäp bolýar.

Kürdistan Ýurtsöýerler bileleşigi PKK bilen edýän hyzmatdaşlygyny dowam etdiren halatynda Süleýmaniýeden Türkiýä uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy mümkin däl.

Iki ýurt üçin diýseň möhüm bolan başga bir ykdysadyýet meselesi bolsa energetika meselesidir. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Yrakdan Türkiýä nebit akdyrylmagy bes edilipdi we Ankara fewral aýynda bolan ýer titremelerini sebäp hökmünde görkezipdi.

Bu hakykat makul görünsede resmi Bagdat bilen Erbiliň arasynda dowam edýän düşnüşmezligiň Yragyň, Türkiýä garşy halkara orbitraž kazyýetine ýüz tutmagynyň we jerime tölemeginiň Türkiýede hem uly kynçylyga sebäp bolandygyny aýtmak ýalňyş bolmaz.

Resmi Bagdagyň Türkiýä garşy gozgan işi dowam edýär.Fewral aýyndan bäri nebit turba geçirijisiniň ýapyk bolmagynda galmagy Yragyň milliardlarça dollarlyk ýitgi çekmegine sebäp boldy.Beýleki tarapdan Türkiýe bilen dowam edýän kynçylygynyň ortadan aýrylmazlygy has uly ýitgi çekilmegine sebäp bolup biler.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň sapary oňyn netije beren halatynda Prezident Erdoganyň Yraga gurajak sapary has-da netijeli bolar we sapar Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklarda strategik hyzmatdaşlygyň öňüni açar.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň direktory Prof. Dr Murat Ýeşiltaşyň Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklar hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny