Sazyň adama täsiri

Saz jadyly sungat.Her halkyň özüne mahsus saz medeniýeti şol halkyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny görkezýär.Sazyň döremeginde halkyň ýaşaýan geografik giňişliginiň hem täsiri bolýar.Medeniýetiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň artmagy saz sungatyna hem öz täsirini ýetirýär.

Saza ruhuň iýmiti hem diýilýär.Sebäbi saz adamyň ruhuna täsir edýär.Saz näsag adamlary bejermekde hem peýdalanylýar. Şeýle hem saz diňe aýdym aýdylanda däl, eýsem, filmlerde, multfilmlerde we mahabatlarda hem giňden peýdalanylýar.

Häzire çenli saz barada dürli ylmy barlaglar geçirildi. 1993-nji ýylda fransuz alymy Alfred Tomatisiň geçiren barlagy Nature žurnalynda Mosart täsiri atly adalgany orta atýar.Bu ylmy işde nusgawy sazyň beýnä täsiri jikme-jik öwrenilipdir.

Sazanda Don Kempbell Mosart täsirini has içgin öwrenýär we sazyň beýleki görnüşleriniň saglyga, aňa we pikirlenmäge oňyn täsir edýändigini belleýär.Soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda saz bilen meşgullanýanlaryň we saz öwrenen çagalaryň geljekde üstünlik gazanýandyklary ýüze çykaryldy.

Germaniýada geçirilen barlaglara görä, saz diňlemek we saz guralyny çalmak okuwçylaryň derslerinde üstünlik gazanmaklaryna täsir edýär.Bu netijäniň ähli saz gurallaryna degişlidigi bellenildi.Sazyň, esasan, duýga we köpçülikleýin gatnaşyklara täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Çagalaryň aýdym-saz derslerine gatnaşmagy olaryň agzybirlik duýgusyny terbiýeleýär.

Ussat sazanda tarapyndan sapak berilmegi bolsa bu täsiri has-da artdyrýar.

Jemal Haýydowa,

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň

Gökje medeniýet öýüniň akkomponiatory.

The post Sazyň adama täsiri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Äpet buz döwüler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar