Alymlar şu günki hem-de mundan 30 ýyl öňki iýmitiň hilini deňeşdirdiler

Alymlar şu günki hem-de mundan 30 ýyl öňki iýmitiň hilini deňeşdirdiler

ABŞ-daky Tatfsyň uniwersitetiniň alymlary soňky 30 ýylyň dowamynda dünýäde iýmitiň hiliniň gowulanandygy barada netijä geldiler, şunuň bilen birlikde iýmitlenmekdäki ählumumy ýalňyşlyklary sanadylar. Ylmy-barlagyň netijeleri Nature Food žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar munuň üçin soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurtlaryň 185-sinde ulularyň hem-de çagalaryň iýmitleniş usullaryny derňediler, munuň üçin Iýmit barada maglumatlaryň ählumumy gorundan peýdalanyldy.Netijede, 0-dan 100 derejä çenli ölçeg boýunça her bir ýurtda iýmitiň hiline baha berildi, şunda 0 dereje ýaramaz hilli iýmiti (şekeriň çakdanaşa köp ulanylmagy we gaýtadan işlenen et), 100 dereje miwelerdir gök-bakja önümleriniň, kösükli önümleriň, hozlaryň we dänäniň maslahat berilýän sazlaşygyny aňladýar.

Ýurtlaryň köpüsi 40 utuk gazandy, diňe dünýä ilatynyň 1 göterimindenem az bölegi ýaşaýan 10 ýurt 50 utukdan gowrak gazandy. Iň pes görkezijilere eýe bolan ýurtlar Braziliýa, Meksika, ABŞ we Müsür boldy.

Umuman alnanda, soňky 30 ýylda bütin dünýäde iýmitiň hiliniň gowulanandygy hasaba alyndy. Sagdyn iýmitlenmek Amerikada, Wýetnamda, Hytaýda we Eýranda barha meşhurlyk gazansa, Tanzaniýada, Nigeriýada we Ýaponiýada onuň ähmiýeti pese gaçdy.

Peýdaly kösüklileriň, hozlaryňdyr krahmalsyz gök önümleriň ulanylyşy wagtyň geçmegi bilen ýokarlanan bolsa, sagdyn däl iýmitiň: gyzyl we gaýtadan işlenen etiň, süýji içgileriň hem-de duzuň ulanylyşy-da artdy.

Ählumumy möçberde zenanlaryň erkeklere garanyňda, maslahat berilýän berhizlere eýerýändigi ýüze çykaryldy, gartaşan adamlar hem ýaşlar bilen deňeşdirilende, şu ýörelgä köp eýerýärler. Bütin dünýäde we sebitleriň aglabasynda ýokary bilimli adamlardyr olaryň çagalary has oňat iýmit hiline eýedirler. Ortaça alnanda, bütin dünýäde iýmitiň hili kiçi ýaşly çagalarda has ýokarydyr, emma olar ulaldygyça, iýmitlenişiniň hili hem ýaramazlaşdy.

Ýaramaz iýmit köp keselleriň sebäbi bolup durýar, onuň paýyna dünýäde ölümiň 26 göterimi degişlidir. Alnan maglumatlary ýurtlar jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ulanyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Tanzaniýanyň ilaty soňky 10 ýylda 40 göterim artdy
60 million dollara satylan göwher
21 million dollarlyk gülgüne göwher
Amir Abdollahian: Amerikalylar realist bolmaly
Türkmenbaşy: Ýaşaýjylar öýe çekilen Internetiň tizliginden nägile bolup, hyzmatlardan ýüz öwürýär
Amir Abdollahian: Eýran bilen Mali tehnologiýa geçirmek we goranyş hyzmatdaşlygy barada ylalaşdylar