Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi

19-njy iýulda Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

Sammitiň geçirilýän Jidda şäherindäki “Ritz-Carlton” kaşaň myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud mähirli mübärekleýär. Soňra döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy bilen ýadygärlik surata düşýär.

Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.

1981-nji ýylda döredilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine alty ýurt — Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy agza bolup durýar.

Wekiliýetleriň Baştutanlarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, sammit geçirildi. Onuň gün tertibine özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, şeýle hem sammiti ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda hem maslahatyň üstünlikli guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan ählumumy wehimler we howplar döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegini hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem örän ähmiýetli wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi.

Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys.Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar.Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgamyň hem uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny — Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip edýär.

Häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri-de ekologiýa ulgamydyr.Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresiniň geçirilmegi teklip edildi

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir.Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi.

Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmegiň bu ugurdaky ilkinji ädimleriň biri boljakdygyny belledi. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmalydyr. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Baştutanlarynyň şu möhüm we ýokary derejeli maslahatyny guraýan Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary jenap Jasem Mohamed Al Budaiwä we ähli wekillere minnetdarlyk bildirdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri döwlet Baştutanymyza doly derejeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilen çuň many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirdi.

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Türkmen-saud gatnaşyklary berkeýär

Şol gün iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda sammite gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy