SEBITLEÝIN WE HALKARA HYZMATDAŞLYGY NETIJELI ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLY BILEN

SEBITLEÝIN WE HALKARA HYZMATDAŞLYGY NETIJELI ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLY BILEN

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň abraýyny dünýä giňişliginde belent derejä göterýän daşary syýasat ugrunyň üýtgewsiz ýörelgeleridir. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, iki taraplaýyn we köp taraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň gatnaşýan hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga we işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklaryda şaýatlyk edýär.

Giň geografik giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibindäki meseleleri çözmäge uly goşant goşýar.

4-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna gabat gelýän täze derejä ýetirmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi.

Şeýlelikde, ýurdumyz döwletara, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň, başlangyçly orny eýelemek bilen, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek ugrunda çykyş edýär hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER, ARKALAŞYK WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
ARKADAG ŞÄHERINIŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝINDE BEDEW BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGISI AÇYLDY
MOSKWA DÖWLET HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA, MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL WE SERGI GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISINIŇ WE MDHGI-Ň REKTORYNYŇ DUŞUŞYGY