Şekspiriň kitaby 2,5 million dollara satyldy

Wilýam Şekspiriň oýunlarynyň ýygyndysynyň ilkinji neşiri bolan “Ilkinji folio” atly kitap 2 million 470 müň dollara satyldy. “Sotheby’s” auksion öýi gymmatly kitaplary satuwa çykardy. Bu kitaplaryň arasynda dünýäde bary-ýogy alty sanysynyň galandygy aýdylan “Ilkinji folio” hem bardy.

Auksiona çykarylan beýleki gymmat bahalary resminamalaryň arasynda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň” Massaçusets ştatyndaky resmi neşiriniň mundan ozal hasaba alynmadyk nusgasy 2 million 228 müň dollara satyldy.

ABŞ-nyň Konstitusiýasy we Hukuklar Jarnamasynyň Wirjiniýa ştaty tarapyndan tassyklanandygyny görkezýän 1788-nji ýyla degişli resminama bolsa Şekspiriň kitabyndan hem gymmada 3 million 75 müň dollara satyldy.

Bu resminamadan bary-ýogy 3 sanysynyň bardygy aýdyldy. Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Ilkinji folio eserler ýygyndysynyň bir nusgasy Nýu-Ýorkuň Christie’s auksionynda 9,98 million dollara satylypdy.

Ýene degişli makalalar

12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Şekspiriň ilkinji eseri satylar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Lebapdaky teatrda William Şekspiriň komediýasy sahnalaşdyrylýar
Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Paýhaslar