Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy

XVII asyryň başynda neşir edilen Wilýam Şekspiriň eserler ýygyndysy Nýu-Ýorkuň “Christie’s”

auksionynda 9,98 million dollara satyldy. Bu seýrek kitap üçin şu wagta

çenli tölenen iň köp puldur. “Ilkinji folio” atly bu

ýygyndyny amerikaly hususy kolleksiýaçy Stefan Lewenthaýl satyn aldy. Ol ABŞ-nyň XIX

asyra degişli seýrek kitaplar we suratlar dükanynyň düýbüni tutujydyr. 2001-nji ýylda

Şekspiriň “Ilkinji

folio”-sy 6,16 million dollara satylypdy.

– Bu ajaýyp eseriň doly nusgasyndan birini edinenim

üçin men bagtly diýip, eseriň täze eýesi buýsanjyny gizlemedi. Şekspiriň pýesalar ýygyndysynyň bahasy,

edebi eserleriň arasynda täze auksion rekordyny goýup, öňki dünýä rekordlaryndan

hem ýokary boldy.

Bu ýygyndy iňlis dramaturgy aradan çykanyndan

ýedi ýyl soň, 1623-nji ýylda dostlary

tarapyndan düzülip neşir edildi. Oňa öň neşir edilmedik we ýitirilen bolmagy

mümkin bolan 18 pýesa, şol sanda “Makbet”, “On ikinji gije” we

Ýuliý Sezar” girizilipdi.

Ýygyndy jemi 36 eseri öz içine alýar. Kitabyň

takmynan 235 nusgasy şu güne çenli saklanyp

galypdyr, ýöne olaryň köpüsi muzeýlerde saklanyp, diňe az sanlysy hususy

kolleksiýaçylaryň ygtyýaryndadyr.

-Şekspiriň eserleri islendik ýaşdaky we medeniýetdäki

adamlaryň kalbynda aýratyn orun alýar. Mundan başga-da, “Ilkinji folio”-nyň satuwy gaty uly wakadyr – diýip, “Christie’s”-niň kitaplar we golýazmalar bölüminiň müdiri Margaret Ford kolleksiýanyň gymmatyna aýratyn baha berdi.

Ýene degişli makalalar

Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Şekspiriň ilkinji eseri satylar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Ýeke-täk golýazma internete goýuldy
Lebapdaky teatrda William Şekspiriň komediýasy sahnalaşdyrylýar
Şekspiriň kitaby 2,5 million dollara satyldy