Ýeke-täk golýazma internete goýuldy

Britan kitaphanasy Wilýam Şekspiriň Ser Tomas bilen awtordaşlykda ýazan Ser Tomas Mor pýesasynyň sanly asyl golýazmasyny hödürledi.Bu golýazma awtoryň abat galan ýeke-täk golýazmasy hasaplanýar.

Ser Tomas Mor pýesasy 1590-1604-nji ýyllar bilen senelenýär, ýöne bu çen bilen alnandyr.Britan kitaphanasynyň sanly golýazmalar bölüminiň ýardamy bilen torda goýlan golýazmanyň sahypalarynda iňlis ýazyjysynyň ýazyş täri bilen hem tanşyp bolýar.

Kitaphananyň resmi sahypasynda Ser Tomas Mor pýesasynyň Şekspiriň eserleriniň arasyna hemişe orun almandygy bellenilýär.Bu pýesa XVI asyryň ahyrynda ýa-da XVII asyryň başynda ýazylyp, hakykatdan hem, Şekspiriň eserleriniň arasynda birbada göze ilmeýär. 1871-nji ýylda bu golýazmanyň sahypalaryndan Şekspiriň ýazyş täri ýüze çykaryldy, ýöne hünärmenler barybir Ser Tomas Mor pýesasynyň birnäçe dramaturg tarapyndan bilelikde ýazylandygyna ynanýarlar.

Pýesada Genrihiň garşydaşy, aklawçy, filosof we ýazyjy Tomas Mor hakynda gürrüň berilýär.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Şekspiriň ilkinji eseri satylar
Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Lebapdaky teatrda William Şekspiriň komediýasy sahnalaşdyrylýar