Sekuntda üç saýt döredilýär

Ilkinji internet saýty 1991-nji ýylyň 6-njy awgustynda angliýaly Tim Berners-Li tarapyndan döredildi.Geçen 32 ýylyň dowamynda internet sahypalarynyň sany bir milliarddan geçdi.Giň maglumatlar gory bolan internet häzirki wagtda gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Häzirki zamanyň iň esasy açyşlarynyň biri hasaplanýan internet giň maglumatlar gory hökmünde hyzmat edýär.Bu açyş söwda, okuw, güýmenje ýaly örän giň ugurlarda peýdalanylýar. “Covid-19” pandemiýasy döwründe bolsa, adamlaryň biri-birine fiziki taýdan ýakynlaşmazdan işleşmeklerine mümkinçilik döredip, keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga, şeýle hem birnäçe işi aňsat we arzan ýerine ýetirmäge sebäp boldy.

Internetiň ulanylyşy bilen bagly maglumatlary ýaýradýan “Siteefy” saýtynyň maglumatyna görä, dünýäde 1 milliard 106 million 671 müň 903 web sahypasy bar.Bu web sahypalarynyň 18 göterimi (201 million 898 müň 446) işjeň ýagdaýda ulanylýar, 82 göterimi bolsa, işjeň ulanylmaýar.

Her günde 252 müň täze sahypa açylýar.Bu görkeziji bir sagatda 10 müň 500, minutda 175, sekuntda 3 web sahypasynyň açylýandygyny aňladýar.

“similarweb.com” saýtynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň köp girilýän web sahypasy “google.com” bolupdyr. Sanawyň soňky basgançaklaryny degişlilikde, “youtube.com”, “facebook.com”, “instagram.com” we “twitter.com” ýaly jemgyýetçilik torlary eýeleýär.

Ulanyjylaryň her web sahypada näçeräk wagt geçirýändikleri hem hasaplanypdyr. Her bir “google” ulanyjysy bir gezekde ortaça 10 minut 38 sekunt wagt geçirýär. Bu görkeziji “Youtube”-da 20 minut 25 sekunt, “Facebook”-da 10 minut 43 sekunt, “Instagram”-da 8 minut 22 sekunt we “Twitter”-da 10 minut 47 sekunt.

“Statista”-nyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň aprel aýynda dünýä ilatynyň 64,9 göterimi (5,18 milliard) üçin internet elýeterli bolup durýar. Dünýä ilatynyň 59,9 göterimi (4,8 milliard) jemgyýetçilik torundan peýdalanýar. Maglumatda Demirgazyk Ýewropanyň dünýäde internet elýeterliligi iň ýokary sebitdigi bellenilýär.

Ýurtlar babatda aýdylanda bolsa, Norwegiýa, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ilatynyň 99 göterimi internete elýeterlili bolan ýurtlar hökmünde dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Yklymlaryň arasynda Aziýa 2,93 milliard ulanyjy sany bilen öňe saýlanýar. 750 million internet ulanyjysy bolan Ýewropa bu ugurda ikinji bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
Balkanabatda we Türkmenbaşyda Internetiň tizligi üç gün bäri ep-esli haýallady
'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär
Turkmen.news: Meşhur blogger Aşgabatda öldürildi
'Akylly' şäheriň açylyşyna haýal Internet kölege saldy