Balkanabatda we Türkmenbaşyda Internetiň tizligi üç gün bäri ep-esli haýallady

Balkanabatda we Türkmenbaşyda Internetiň tizligi üç gün bäri ep-esli haýallady

Balkan welaýatynyň iri şäherlerinde üç günden gowrak wagt bäri öý internetiniň hem-de mobil internetiň tizligi ep-esli haýallady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Men 6 mbit/s tizligi bolan öý internetini ulanýaryn. Tizlik üç gün bäri 250 kbit/s 500 kbit/s aralygynda görkezýär. Ýörite tizlik barlaýjy goşundylar arkaly Internetiň tizligini ýygy-ýygydan barlap durýaryn. Hatda, iň ýönekeý IMO messenjeri hem işlemeýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy fiziki şahsalara sekuntda 1 megabitden 6 megabite çenli tizligi bolan dört görnüşli Internet nyrhnamalaryny hödürleýändigini aýdýar. Ýöne iş ýüzünde ilatyň öýe çekilen internetiniň tizligi ýarym megabitden hem ýokary çykyp bilmeýär.

Elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň bir ýerli hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde “baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýurduň içinde bolup geçýän wakalar baradaky maglumatlaryň ýurduň daşyna syzmagynyň öňüni baglamak maksady bilen, Internetiň nurbatlarynyň towlanylmagynyň ýokardan tabşyryk berlendigini” aýdýar.

Azatlyk Radiosy “Türkmentelekom” kompaniýasyndan bu ýagdaýlar barada goşmaça teswir alyp bilmedi.

Aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanda öý internetiniň iň ýokary tizligini şu ýylyň fewral aýynda sekuntda 6 megabite çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi.

Türkmenbaşy şäherinde ýerli ýaşaýjylar sentýabr aýynyň birinji hepdesinde Internetiň tizliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edip, elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerli şahamçasynyň öňünde onlarça adamyň gatnaşmagynda protest aksiýasyny geçirdi.

“Internetiň tizligi sentýabr aýyndan soňra, birneme kadalaşdy. Tizlik o diýen ýokarlanmady, ýöne bu derejede pes däldi” diýip, beýleki bir ýaşaýjy soňky üç gün bäri dowam edýän ýagdaýa ünsi çekdi.

Soňky aýlarda VPN-leri petiklemek işlerine-de arakesme berlen ekeni. Ýöne degişli petiklemeler golaýda gaýtadan güýje girizildi.

“VPN-ler tas doly diýen ýaly petiklendi. VPN gurnama hyzmatlaryny hödürleýän ussalar hem özleriniň hödürleýän hyzmatlaryna kepil geçip bilmeýärler. Işleýän VPN-ler arkaly YouTube ýa-da TikTok wideolaryna tomaşa edip bolmaýar tizlik aşa pes. 3 minutlyk wideony 30 minutda görüp bolýar ” diýip, ýerli ulanyjylar aýdýar.

Sebitde öý internetinden daşary, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän mobil internetiniň tizligi hem pes bolmagynda galýar. Ýerli ulanyjylar 4G ulgamynyň hem kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.

Türkmen metbugaty soňky wagtlarda 4G ulgamynyň elýeterliliginiň ýurt boýunça giňeldilýändigini aýdýar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar bu ulgamyň kadaly işlemeýändigini, Internetiň tizliginiň juda pes bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti dünýäde öz ilatyna iň haýal tizligi bolan Internet mümkinçiligini hödürlemekde tanalýar.

Häkimiýetler Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerini yzygiderli we dowamly petik astynda saklaýar.

Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanda 122 müňden gowrak Internet salgysynyň häkimiýetler tarapyndan petikli saklanylýandygy mälim boldy.

Hökümetden garaşsyz maglumatlary çap edýän internet neşirleri, habar saýtlary; Facebook, Instagram, Twitter ýaly iri sosial torlar; WhatsApp, Viber we Telegram ýaly messenjerler Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar.

Türkmen hökümeti öz ilatynyň maglumat elýeterliliginiň üpjün edilmegi boýunça beýan edilýän halkara çagyryşlara reaksiýa bildirmeýär.

Şu ýylyň iýul aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) media azatlygy boýunça wekili Tereza Riberýro özüniň Aşgabada amala aşyran saparynyň yz ýany, türkmen häkimiýetlerini media azatlygy babatynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmäge, söz we metbugat azatlygyna ýol bermäge we ilaty päsgelçiliksiz Internet bilen üpjün etmäge çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşyda VPN-den peýdalanan hojalyklaryň Internet üpjünçiligi kesildi
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär
Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär