Selfi boýunça göwnüçökgünligi anyklamagy öwrendiler

Selfi boýunça göwnüçökgünligi anyklamagy öwrendiler

Indi depressiýany, ýagny göwnüçökgünligi selfi surata düşmek boýunça anyklap bolýar, şeýle priloženiýäni ABŞ-da döretdiler diýip, 24KZ habar berdi. Ol adamyň ýüzüni, gözleriniň hereketini we kellesini tutuşyny seljerýär. Soňra neýroulgamlar şekili kliniki keseliň alamatlary bilen deňeşdirýär. Programma FaceID ulgamy arkaly dessine maglumaty anyklaýar. Eger ol adamda keseliň bardygyny kesgitlese, surata düşen adama lukmana ýüz tutmagy maslahat berýär.

Täze wep-önümi döretmäge agyr depressiw keselli meýletinçileriň 150-si gatnaşdy. 125 müň suratyň esasynda neýroulgam olaryň 75 göteriminiň kesellidigini anyklamagy başardy.

Täze tehnologiýa giň köpçülige öňdäki bäş ýylyň dowamynda elýeterli bolar.

Ýene degişli makalalar

DT: Harasadyň dördünji ýyl dönümi howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalary ýene bir gezek gozgaýar
Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy
Harasadyň dördünji ýyl dönümi howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalary ýene bir gezek gozgaýar
Turkish Airlines Türkmenistandan oňaýly howa gatnawlaryny hödürleýär