Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Startup, täjirçilik pikiri we taslamaly” atly bäsleşikde talyp ýaşlar özleriniň taýýarlan täjirçilik, telekeçilik başlangyçlaryna esaslanýan taslama işleri boýunça bäsleşdiler. Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orun kesgitlenildi.

Bäsleşikde Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Aşyr Jumagulyýew “Aşyr” gaty galyndylary gaýtadan işleýän kärhanasy atly taslama işi bilen I orna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yhlas Kerimow, Azat Orazgeldiýew “Ýöriteleşdirilen Online Fitnes Mobil Programmasy GymBuddy” atly taslama işi bilen II orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ymamhasan Abaýew “Logistika ulgamy üçin mobil programmasynyň taslamasy” atly taslama işi boýunça III orna mynasyp boldy.

Talyp ýaşlar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de emin agzalarymyz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär
Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-ti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy.