Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär

Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär

Lebap we Mary welaýatlarynda döwletiň howandarlygyndaky metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Ýöne geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, indi edara-kärhanalaryň işgärlerinden onlaýn abuna ýazylmak talap edilýär. Bu täze talabyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 11-nji noýabrda Lebapdan we Marydan habar berdiler.

"Türkmenabadyň ähli býujet işgärlerinden 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan iýunyň ahyryna çenli 6 aýlyk abuna ýazylmak mejbury ýagdaýda talap edilýär. Ýöne indi olaryň gazet-žurnallary öňküsi ýaly öýlerine gelmez. Olar bulary diňe Internetden okap bilerler. Sebäbi indi býujet işgärlerinden onlaýn abuna ýazylmak talap edilýär" diýip, gizlin işleýän lebaply habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, býujet işgärleri munuň üçin "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerli bölümine baryp, 6 aýlyk onlaýn abuna ýazylyşyk üçin 60 manat tölemeli bolýarlar.

"Şu günler "Türkmenpoçtada" köp adam üýşýär. Sebäbi býujet işgärlerine onlaýn abuna ýazylmak işini 1-nji dekabra çenli tamamlamak tabşyrlypdyr. Olardan onlaýn abuna ýazylandan soň, "Türkmenpoçtanyň" berýän töleg resminamasyny öz işleýän edarasyna tabşyrmak talap edilýär" diýip, türkmenabatly býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy abuna ýazylyşygyň nobatdaky tapgyrynyň bu welaýatda hem başlanandygyny aýdyp, munuň býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan talap edilýändigini habar berdi.

"Okuwçylar "Güneş" žurnalyna hökmany ýagdaýda ýazylmaly. Olar munuň üçin 30 manat tölemeli. Býujet işgärleriniň belli bir bölegi kagyz, beýleki bir bölegi onlaýn abuna ýazylmaly edilipdir. Abuna ýazylyşygyň kagyz görnüşi üçin 100, onlaýn görnüşi üçin 60 manat tölemek talap edilýär. Adamlar nägile bolýarlar" diýip, gizlin işleýän maryly habarçy aýtdy.

Onlaýn abuna näme? Ilat ondan nähili peýdalanyp biler?

Türkmenabatly býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary olara indi gazet-žurnallary "Online Abuna" atly programmadan elektron görnüşinde okap biljekdiklerini aýdypdyrlar.

"Edara ýolbaşçylary bize munuň üçin bu programmany Google Play-den öz smartfonymyza, planşetimize ýa-da kompýuterimize ýükläp almagy tabşyrdylar. Ýöne ony ýüklemek üçin ýene pul tölemelimi ýa-da "Türkmenpoçta" tölän tölegimiz ýeterlikmi - bu barada hiç zat aýtmadylar" diýip, efirde adynyň aýdylmazlygyny soran býujet işgäri habarçymyza beren maglumatynda belledi.

Şol bir wagtda, ol býujet işgärleriniň aglabasynda döwrebap smartfonlaryň ýokdugyna, olaryň Internetden kadaly peýdalanyp bilmeýändigine, şeýle-de ýurtda Internetiň hiliniň pesdigine ünsi çekip, şeýle diýdi:

"Bu faktorlary nazara alanymyzda, öň hem höwes bilen okalmaýan, öýlere wagtynda paýlanmaýan gazet-žurnallar indi hijem okalmaz. Sebäbi işgärleriň aglabasy "Gazet-žurnallary täze telefon alyp okamarys, gury pul toläris" diýýärler. Şeýle-de, käbir gazet-žurnallaryň elektron görnüşi eýýäm Internetde bar" diýip, lebaply býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada "Türkmenpoçta" kompaniýasyndan we Türkmen döwlet neşirýat gullugyndan maglumat alyp bilmedi. Bu barada agzalýan edaralaryň resmi websaýtlarynda hem häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda döwlet metbugatyna abuna ýazylyşyk ýylda iki gezek guramaçylykly häsiýetde amala aşyrylýar. Bu çäre her bir edarada ýylyň dürli wagtynda amal edilýär.

Köp ýyllyklaryň dowamynda Interneti berk çäklendirip gelýän Türkmenistanyň gazet-žurnallara abuna ýazylmak hyzmatlaryny onlaýn usula geçirmek mümkinçilikleri nämälimliginde galýar.

Türkmen hökümeti ýurduň dürli pudaklarynyň sanly ulgama üstünlikli geçirilýändigini yzygiderli gaýtalap gelýär. Beýleki tarapdan, BMG-niň agentliginiň “Elektron hökümete syn 2020” atlandyrylýan barlagynda Türkmenistanyň hyzmatlary sanly ulgama geçirmek mümkinçiligine pes baha berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Post Shop söwda platformasy türkmen telekeçilerini we dürli haryt öndürijilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Daşary ýurt metbugatyna syn