Ussatlyk sapagy

Ussatlyk sapagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.Muňa Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda durmuşa geçirilýän işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.Talyp ýaşlara berilýän bilimi baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz: Sanlylaşdyrmak dünýä ösüşiniň esasy şerti.Ol biziň gündelik durmuşymyza we hünär işimize barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär...diýip belleýär. 15-nji fewralda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasy bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ussatlyk sapagynyň geçirilmegi munuň şeýledigine aýdyň subutnama boldy.

Sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen ussatlyk sapagynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynyň dosenti, Orkestr saz gurallary fakultetiniň dekany, Sungaty öwreniş ylymlarynyň Kandidaty Ruben Smbatýan, şeýle-de Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynyň professory, Ermenistan Respublikasynyň at gazanan artisti Gagik Smbatýan we online sapaklary geçirmegä jogapkär hünärmen Sungaty öwreniş ylymlarynyň Kandidaty Narine Awetisýan dagylar skripka hünäri boýunça bilim alýan türkmen talyplaryna bu saz guralda ýerine ýetirmegiň inçe syrlary barada peýdaly maslahatlary berdiler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda skripka hünärinden bilim alýan talyplar Amankulyýewa Leýla, Gylyçdurdyýewa Jemal, Çaryýew Merdan, Ýazowa Sona, Botaýarowa Aýlar, Matkerimowa Gözel dagylar nusgawy sazlaryň ençemesini ýerine ýetirdiler.

Online ussatlyk sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeni dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine mümkinçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyza alkyş aýtdylar.Gülzada GULDURDYÝEWA

Ýene degişli makalalar

Online okuw sapagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär